Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerine we Ispaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

06:5626.03.2015
0
3725

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele we Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň iki ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

Barselonadan Dýusseldorfa ugur alan Germanwings awiakompaniýasyna degişli “A 320” aýrobusy 24-nji martda Fransiýanyň günorta-gündogarynda, fransuz Alplarynyň barmasy kyn ýerlerinde heläkçilige uçrady. Soňky maglumatlara görä, heläkçilik 150 adamyň pida bolmagyna getirdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň