Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

0
463
0
0

25 martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden tanalýan “Itera” bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň özara bähbitlere doly laýyk gelýän ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Milletiň Lideri kompaniýanyň bilelikdäki möhüm taslamalary, ilkinji nobatda, nebitgaz we gurluşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň hasabyna türkmen-rus gatnaşyklaryny berkitmek işine goşýan goşandyny  belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi hem-de täze işewür tekliplerini hödürläp, kompaniýanyň geljekde hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmelerini hem-de maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. 

I.Makarow hyzmatdaşlyga bildirilýän gyzyklanma we berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, “Iteranyň” geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru