Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji gezek Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergi we maslahat geçirilýär

17:3125.03.2015
0
3118

25-27-nji martda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Gülçülik we bagçylyk boýunça geçirilýän halkara sergi we maslahat öz işine başlady. 

Sergide daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň önümleri we hyzmatlary görkeziýär. Bu iri halkara serginiň dowamynda geçirilýän ugurdaş maslahat hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik döreder.

Forumyň dowamynda gülleri we baglary ösdürip ýetişdirmek hem-de seýilgäh-bezeg işleri boýunça täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelerem geçiriler.

Gülçülik we bagçylyk işine bagyşlanan bu halkara sergi Türkmenistanda ekologiýany gorap saklamak, bagçylyk işini has-da ösdürmek maksatlaryndan ugur alýar.

Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisinden taýýarlanan fotoreportažymyzy şu ýerde synlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň