Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy

08:5825.03.2015
0
2411

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy. Ermenistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Ýerewanda, Gümride, Wanadzorda konsertler, dürli çäreler we türkmen artistleriniň çykyşlary guralar.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekiliýeti çärelere gatnaşmak üçin Ermenistana geldi.

A.Spendiarýan adyndaky Milli akademiki opera we balet teatrynda Medeniýet günleriniň resmi taýdan açylyşyny alamatlandyrjak gala-konsert bolup geçer. Şeýle-de, konsertler Gümriniň W. Ajemýan adyndaky döwlet drama teatrynda we Wandzoryň O. Abelýan adyndaky döwlet drama teatrynda geçiriler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky Halk döredijiligi merkezinde amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar.

Bulardan başga-da, Ýerewanyň golaýyndaky Argawand obasyndaky türkmen guburhanasynda (Saadlar şa nesli) abatlaýyş işlerini geçirmegiň taslamasy bilen tanyşlyk bolar.

Şeýle hem çagalaryň işleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär. Taslama Ermenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy bilen Genrih Igitýan adyndaky Milli estetika merkezi tarapyndan taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň