Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

08:4925.03.2015
0
4086

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy.

Sebit ýolbaşçylary häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler we maldarçylygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Häkimler şeýle hem aprel aýynda geçiriljek “Suw damjasy — altyn dänesi” milli baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi we Türkmen bedewiniň baýramyny dabaraly belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişini we beýleki oba hojalyk ekinlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän ähli desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurulmalydygyny, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň hasabaty diňlenildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde baýramçylyklara taýýarlyk görmek, tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ministr “Köpetdag” stadionynyň Içeri işler ministrliginiň garamagyna geçirilmegi mynasybetli häzirki wagtda bu ýerde abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini habar berdi. Şeýle hem ministrligiň düzüminde täze “Köpetdag” futbol toparynyň döredilip, ony geljekki ýaryşlara gatnaşdyrmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurduň gülläp ösmegine, halkyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň