Türkmenistanyň Prezidenti Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

0
534
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda 25-nji martda açylan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu halkara sergisi we maslahaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

“Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, tebigaty goramak meseleleri boýunça halkara-hukuk resminamalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga aýratyn üns berýär. Häzriki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we aýawly saklamak üçin ähli tagallalary edýär” diýlip, ýurduň Prezidentiniň Gutlagynda aýdylýar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýändigini, BMG we dünýäniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen birlikde, umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti adamzadyň durmuşynda iň bir gyzykly, ajaýyp pursatlaryň güller bilen baglanyşdyrylýandygyny, dünýäde iň gowy zatlaryň güle deňelýändigini nygtady. “Şonuň üçin hem ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara sergisiniň hem-de maslahatynyň köp sanly suw çüwdürimleri we seýilgähler toplumlary bolan, binagärlik babatda täze we ajaýyp keşbe eýe bolan, dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birinde — ak şäherimiz Aşgabatda geçirilmeginiň örän uly manysy bar” diýip, öz Gutlagynda Türkmenistanyň Baştutany belledi.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru