Germaniýada kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gadymy Nowruz baýramyny bellediler

05:5325.03.2015
0
4533

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň goldawy, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Gazagystanyň Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň diplomatik wekilhanalarynyň ýakyndan beren ýardamy netijesinde Berliniň etnologiýa muzeýinde Halkara Nowruz baýramy bellenilip geçildi.

Dabaralara GFR-iň ministrlikleriniň, edaralarynyň, syýasy we işewür toparlarynyň, medeni-jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem çäräni guran ýurtlaryň Germaniýada kowçum bolup ýaşaýan wekilleri gatnaşdylar.

Dürli ýurtlardan Berline ýörite gelen aýdym-saz toparlary dabaranyň çäginde aýdymdyr sazlary we tanslary bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ansamblynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary-da gyzgyn garşylady.

Dabara gündogar tagamlaryny dadyp görmek çäresi bilen jemlendi. Elbetde, myhmanlar türkmen desterhany hem ünsden düşürmediler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň