Astrahanda “Hazar — dostluk deňzi” atly edebi maslahat geçiriler

0
518
0
0

Şu ýylyň 19-20-nji maýynda Astrahanda Hazarýaka döwletleriniň “Hazar — dostluk deňzi” atly edebi maslahat geçiriler. Bu barada Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Russiýanyň Ýazyjylar soýuzynyň Astrahan sebit bölüminiň teklibi, Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýardamy netijesinde guralýan edebi maslahata Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Eýrandan, Dagystandan, Galmygystandan we çeçenistandan ýazyjylar we dilçiler gatnaşarlar.

Maslahatyň meýilnamasynda “Çeper terjime milletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, ösdürmegiň, Russiýanyň halklarynyň, Hazarýaka çäkleriniň we ýurtlarynyň medeniýetini baýlaşdyrmagyň hem-de jemgyýetçiliginiň medeni hyzmatdaşlygynyň we özara gatnaşyklarynyň serişdesi hökmünde” diýen ylmy-döredijilik maslahaty, şeýle hem myhmanlaryň, astrahanly ýazyjylaryň gatnaşmagynda edebi-sazly agşamy geçirmek bellenilýär.

Russiýanyň ýazyjylar soýuzynyň Astrahan sebit bölüminiň Astrahan oblastynyň N. K. Krupskaýa adyndaky ylmy kitaphanasynyň ýardam bermeginde geçirjek Hazarýaka halklarynyň dillerinden edebi terjime bäsleşigi hem ýatdan çykmajak waka öwrüler.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru