Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-ermeni gatnaşyklary pugtalandyrylýar

16:5524.03.2015
0
3777

“Türkmenistan bilen Ermenistan bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyga wajyp ähmiýet berýär” diýip, Türkmenistanyň Ýerewandaky täze ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Ermenistanyň DIM-niň baştutany Edward Nalbandýan bilen duşuşanda aýtdy. Bu barada Ermenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlarynda aýdylýar.

Ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurmak bilen baglanyşykly türkmen ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Edward Nalbandýan ilçä Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi.

Gürrüňdeşler iki ýurduň Prezidentleri Serž Sargsýan bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara saparlarynyň türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny täze badalga berendigini belläp geçdiler.

Duşuşygyň barşynda gürrüňdeşler, şeýle hem diplomatik edaralaryň arasynda pikir alyşmalary geçirip durmagyň zerurlygyna ünsi çekip, parlamentara gatnaşyklary we dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň