Soňky habarlar

Arhiw

Singapur öz ilkinji premýer-ministriniň we singapur “ykdysady gudratynyň” awtorynyň aradan çykanlygy zerarly gözýaş dökýär

09:0224.03.2015
0
2588

Singapuryň ilkinji premýer-ministri, singapur “ykdysady gudratynyň” awtory Li Kuan Ýu penşenbä geçilen gije 91 ýaşynda aradan çykdy, ýurtda ýedi günlük matam yglan edildi. Bu barada hökümet baştutanynyň konselýariýasynyň saýtynda ýekşenbe güni ýaýradylan habarynda aýdylýar.

Li Kuan Ýu hökümet başyna 1959-njy ýylda geçdi we 1990-njy ýyla çenli şäher-döwlete baştutanlyk etdi. Hut onuň ýolbaşçylygynda Singapur “üçünji dünýä” döwletinden ýer ýüzüniň esasy maliýe merkezleriniň birine öwrüldi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi boýunça bolsa dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň üçlügine girdi.

Ýurtda Merkezi maliýe gaznasy döredilip, her bir singapurly her aýda öz aýlygynyň 20 göterimini geçirmeli bolupdyr. Toplanan maliýe serişdeleri pensiýa maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, ýaşaýyş-jaý gurluşygyny alyp barmaga mümkinçilik berdi.

1980-nji ýyllaryň başlarynda ol kompýuter tehnikalaryny öndürmek boýunça bäsdeşlige ukyply senagaty döretmäge gönükdirilen habarlar tehnologiýasyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny öňe sürdi.

Döwlet ähli özgertmeleri pugta gözegçilikde saklady, munuň özi bolsa ykdysadyýetiň özmeginiň esasyna öwrüldi.

1990-njy ýylyň noýabrynda Li Kuan Ýu häkimiýeti “ýaş nesle” geçirmek hadysasyny amala aşyrdy, premýeriň wezipesini terk edip, uly ministriň kürsüsini eýeledi. 2004-nji ýylyň awgustynda bolsa özi üçin ýörite döredilen Singapuryň ministr-halypasy wezipesine geçdi. Şol ýylyň awgustynda onuň uly ogly Li Sýan premýeriň wezipesini eýeledi we ol häzire çenli hökümete baştutanlyk edip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň