Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary Kiýewde Nowruz baýramyny bellediler

08:5924.03.2015
0
3817

Ukrainada bilim alýan türkmen we Azerbaýjan talyplary öz kursdaşlaryny gadymy bahar baýramyny Nowruzy bellemegiň däpleri bilen tanyşdyryp olar bilen bilelikde “Nowruz — 2015” konsertini guradylar. Dabaralar Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetinde geçirildi.

Baýramçylyk çäresine bu uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem dostlukly döwletiň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly hem daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.

Bilelikdäki konsertiň çäklerinde tomaşaçylara Nowruz baýramynyň Türkmenistanda we Azerbaýjanda bellenilişine degişli wideofilm görkezildi. Baýramçylyk çäresinde Nowruzyň halklaryň arasyndaky parahatçylygy we hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki halkara ähmiýeti bellenilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň