Soňky habarlar

Arhiw

Belli zergäriň işleri halkara Nowruz baýramynyň daşary ýurtly myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi

11:3823.03.2015
0
6612

Belli zergär Allamyrat Çerkezowyň ýasan şelpeli gupbalary, gülýakalary, dagdan-bukawlary, bilezikleri, ýüzükleri, gulakalkalary we beýleki şaý-sepleri Garabekewül etrabynda uly islegden peýdalanýar. Ol öz işleri bilen dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp gelýär.

Ine, Ahal welaýatynyň ajaýyp “Ýaýla” sähralygynda geçirilen halkara Nowruz baýramynda hem Allamyrat Çerkezow Lebabyň zergärçilik ýoluny mynasyp dowam etdirýändigini görkezdi. Onuň işleri diňe bir watandaşlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtly myhmanlarda hem uly gyzyklanma döretdi.

Zergär soňky 17 ýyl bäri etrap sungat mekdebinde işlemek bilen, oglan-gyzlara bu sungatyň inçe tärlerini öwredýär. Onuň şägirtleriniň köpüsi eýýäm tanymal zergärler bolup ýetişdi.

Bu gün halypa zergär öz öý ussahanasynda iki ogly we gelni bilen kümüşden we beýleki önümlerden dürli şaý-sepleri taýýarlaýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň