Nowruz türkmenistanlylara bol hasyly, şowlulygy we üstünligi wada berdi

0
449
0
0

22-nji martda, Milli bahar baýramynyň ilkinji gününde “Ylham” seýilgähi, “Aşgabat” kinoteatrynyň we Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançalar Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilen konsertleriň, köpçülikleýin gezelençleriň geçirilýän esasy ýerine öwrüldi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnalarynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary üçin belli estrada aýdymçylary, halk bagşylary, folklor hem tans toparlary çykyş etdiler.

“Ylham” seýilgähinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň bahara, mähriban topragyň gözelligine we milli baýramçylyk däplerine bagyşlanan işleriniň sergisi guraldy.

Şol gün ýagan ýaz ýagşy bolsa ýagşylyga ýoruldy. Halk yrymlaryna görä, Nowruzda ýagan ýagyş bol hasylyň, şowlulygyň we üstünligiň kepili bolup durýar.

Şeýle baýramçylyk dabaralary diňe paýtagtda däl, eýsem, ýurduň ähli ýerlerinde giň gerimde geçirildi.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru