Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy halkara maslahatyny geçirdi

00:3623.03.2015
0
2233

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Jawaharlal Neru adyndaky uniwersitetiň ýanyndaky Ýüpek ýoly barlag maksatnamasy bilen bilelikde “2015-nji — Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly: Türkmenistan we Hindistan — Ýüpek ýoly sebitinde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna” şygary astynda halkara maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň işine belli türkmen we hindi alymlarynyň, syýasy synçylarynyň, taryhçylaryň 40-dan gowragy gatnaşdy.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly, şeýle hem energetika howpsuzlygy, ulag-kommunikasiýa meseleleri barada gürrüň berdiler.

Maslahat bilen ugurdaş türkmen ilçihanasy fotosuratlarynyň we amaly-haşam sungatynyň sergisini gurady, ol çärä gatnaşyjylar hem myhmanlar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Maslahatda türkmenistanly sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti we dabaraly kabul edişlik bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň