Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly žurnalist dünýäde iň uly süýji suw balygyny tutdy

17:2122.03.2015
0
29242

Amerikaly žurnalist Jeff Korwin Tailandyň Maeklong derýasynda agramy takmynan 363 kilograma bolan iri wagşy balygy (skat) tutdy. Onuň dünýäde çeňňekde tutulan süýji suw balyklarynyň iň ulusydygy bellenilýär. Balygyň boýy 4,2 metr, ini bolsa 2,4 metre barabar boldy. Bu barada The Daily Mirror habar berýär.

Şu mahal Kerwin ýolbeletler bilen 2015-nji ýylyň ahyrynda ABC amerikan teleýaýlymynda görkezilmegi göz öňünde tutulýan “Ummanyň syrlary Jeffer Korwin bilen” atly şüweleňli filmi surata düşürmegiň çäklerinde balyk tutýardy.

Žurnalist adatça iri wagşy balygyň, edil şu ýagdaýdaky ýaly, maýasynyň şeýle iri ölçegde bolýandygyny gürrüň berdi.

“Balyk bilen garpyşyk hakyky epiki häsiýetde bolup geçdi, ony suwdan çykarmak üçin oglanlar bilen birnäçe sagat sarp etdik” diýip, Korwin gürrüň berdi. Balygy suwdan çykarmak üçin ýedi adamyň kömegi gerek boldy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň