Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow: “Rostowa” Gurban Berdiýew üçin geçdim”

12:4222.03.2015
0
7879

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndy toparyndaky çykyşlary bilen belli bolan “Rostowyň” täze oýunçysy Wahyt Orazsähedow şu hepdede topara goşuldy we şahsy meýilnama boýunça türgenleşiklere girişdi. Klubuň saýtyna beren beýanatynda Don toparynyň çakylygyny kabul etmeginiň sebäpleri barada gürrüň berdi.

—Şikesli okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda aldym, soňra iki hepdeläp Germaniýada sagaldyş-dikeldiş çärelerini geçdim — diýip, Wahyt gürrüň berdi. — Häzir özümi oňat duýýan. Meniň üçin şahsy meýilnama düzdüler, geljek hepde şol boýunça işlemeli, soňra bolsa umumy topara goşulyp bilerin.

—Futboluň ýoluny “Rostowda” dowam etdirmek pikiri nädip ýüze çykdy?

—Soňky bir ýarym ýyly Türkiýäniň birinji ligasynyň “Osmanlysporynda” geçirdim. Duşuşyklarymyza Gurban Berdiýew gelip, meniň oýnumy synlady. Şonda eger “Rostowyň” baş tälimçisi bolaýsa, öz toparyna çagyrjakdygyny aýtdy. Netijede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna — gözden geçirilişe çagyrdy, soňra bolsa topara geçmegi teklip etdi. Türkiýede-de meniň işlerim ugrunady. Birinji aýlawyň netijesi boýunça garşydaşlaryň derwezesine 12 pökgi geçirdim. Ýöne Bekiýewiçe ýok diýip bilmedim (ýylgyrýar). Şeýle tälimçi bilen işleşmek hemişe nesip edip duranok. Şol sebäpli-de, geçmäge razylyk berdim.

—Toparda häzir hüjümçileriň arasynda uly bäsdeşlik bar...

—Howa, bu ýerde örän güýçli hüjümçiler ýygnandy, ýöne muny diňe gowy tarapdan kabul edýän. Çünki bäsdeşlik diňe peýda getirýär. Meniň öňümde durýan wezipe çaltrak gutulyp, öňki kaddyma gelmekden ybarat. Kimiň oýnamalydygyny bolsa tälimçi kesgitleýär.

Germaniýadakam rostowlylaryň çempionatdaky soňky oýunlaryna tomaşa etdim, topar ,aňa ýarady. Oglanlaryň ählisi uly höwes bilen oýnap, oňyn netije gazanmak üçin göreşdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň