Soňky habarlar

Arhiw

Çempion ilkinji utuklaryny ýitirdi, öňdebaryjylaryň biri bolsa tas ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topardan ýeňlipdi

12:1622.03.2015
0
3123

21-nji martda dört şäherdäki oýunlar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 3-nji tapgyr bat aldy.

Ilkinji duşuşyk Türkmenbaşyda geçirildi. Ýaryş tablisasynda öňde barýan “Şagadam” ýurduň häzirki çempiony “Altyn asyry” kabul etdi. Häzire çenli utuk ýitirmedik toparlaryň dartgynly göreşde geçen duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, Baýramalyda Marynyň iki toparynyň arasynda geçen oýunda “Merwe” ýaryş tablisasynda öňe çykmaga mümkinçilik döredi. Ýöne “Energetik” ýiti garşylyk görkezdi. Has beteri 60-njy minutda Kerim Hojaberdiýew öz toparyny öňe çykardy. “Merwe” ýeňiş gazanmag-a däl, hasaby deňlemegem zordan başartdy. Duşuşygyň tamamlanmagyna 4 minut galanda Toýly Goçnazarow gutarnykly hasaby goýdy — 1:1.

Şol bir wagtda Aşgabatda HTTU öz meýdanynda “Daşogzy” kabul etdi. Ýer eýeleriniň artykmaçlygynda geçen oýun 1:0 hasabynda tamamlandy.Pökgini 6-njy minutda Dawid Sarkisow geçirdi. HTTU hasaby artdyryp hem biljekdi. Ýöne 62-nji minutda Muhammet Astanow 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Netijede HTTU 6 utuk toplap, öňdebaryjylara has ýakynlady. “Balkan” hem bu tapgyrdan soň 6 utuk toplady. Topar Balkanabatda 1:0 hasabynda “Aşgabatdan” üstün çykdy. Ýeňiş pökgüsini 53-nji minutda Aşyrgeldi Ylýasow geçirdi. Aşgabatlylaryň ikinji ýarymda bir adam az bolup oýnandyklaryny hem bellemek gerek. birinji ýarymyň goşmaça wagtynda Mihail Muhammedow oýundan çykaryldy.

3-nji tapgyr 22-nji martda “Ahal” — “Hazyna” duşuşygy bilen jemlener.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň