Türkiýede okaýan türkmenistanly talyplar Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşdylar

0
618
0
0

Türkiýäniň merkezi böleginde ýerleşýän Nigde şäherindäki uniwersitetde okaýan türkmenistanly talyplar Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Bu barada www.hurriyet.com.tr saýty habar berýär.

Türki döwletlere wekilçilik edýän talyplaryň gatnaşmagynda guralan dabarada türkmenistanly ýaşlar dutarda, gazagystanly talyplar dombrada saz çalsa, pakistanly oglan-gyzlar özleriniň milli tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanly talyplar Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasynda türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek bilen talyp deň-duşlaryny özleriniň milli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Dabaranyň dowamynda 15 döwletiň wekilleri öz çykyşlary bilen onuň şatlyk-şowhunyny artdyrdylar.

Nigde şäherindäki uniwersitetiň rektory Adnan Görür öz çykyşynda: “Baýdagymyzda, dilimizde tapawut bar hem bolsa bu ýerde okaýan ýaşlaryň bir-birine ruhy taýdan ýakyndyklaryna şaýat bolýarys” diýip, nygtady.

Türkiýäniň Nigde uniwersitetinde dünýäniň 33 döwletine wekilçilik edýän 3,5 müňe golaý talyp, şol sanda türkmenistanly talyplar hem bilim alýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru