Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sementiň bahasy iki esse diýen ýaly arzanlady

09:1321.03.2015
0
21266

Türkmenistanda ýurt möçberinde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň zerurlyklary üçin sement önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar. Ilaty elýeterli bahadan sement bilen üpjün etmek we onuň bahasyny düzgünleşdirmek maksady bilen, ýurtda bu harydyň öňden hereket edýän bahasyna derek täze nyrhlar bellenildi. Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň kärhanalarynda öndürilýän sementiň bir tonnasynyň ortaça lomaý bahasy 330 manat bolanlygyndan 175 manada getirildi.

Türkmenistanda gurulýan desgalary oňat hilli gurluşyk harytlary bilen üpjün etmek üçin Baharly, Lebap we Balkan sement zawodlarynyň binýadynda, şeýle hem welaýat hem etrap merkezlerinde sement we beýleki gurluşyk harytlary satylýan ýöriteleşdirilen dükanlar açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň