Arhiw

Aşgabatda gülçülik we bagbançylyk boýunça halkara sergi geçiriler

06:2421.03.2015
0
3189

25-27-nji mart aralygynda paýtagtyň Sergi köşgünde gülçülik we bagbançylyk boýunça halkara sergi geçiriler. Sergide dürli ýurtlaryň bu ugura ýöriteleşen kompaniýalary we ýurdumyzyň hususy kärhanalary öz önümlerini we hyzmatlaryny köpçülige hödürlärler.

Forumyň çäklerinde ýörite maslahat geçiriler. Şeýle hem tejribe alyşmak babatdaky duşuşyklary, pikir alyşmalary we maslahatlaşmalary guramak, ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň hem-de bagçylyk-seýilgäh bezegi boýunça täze tehnologiýalary görkezmek göz öňünde tutulýar.

Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisine we maslahata durmuş hyzmaty gullugynyň, dürli guramalaryň bagçylyk bilen meşgullanýan işgärleri, bezegçiler we bu ugra degişli hünärmenler çagyrylar. Olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary ýurdumyzda bagçylyk-seýilgäh sungatynyň döredijilik hem tehnologik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň