Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

0
496
0
0

25-29-njy martda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Çäräni geçirmek üçin ýurduň ylym, medeniýet işgärlerinden, sungat ussatlaryndan we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet dostlukly döwlete ugrar.

Ermenistanyň paýtagtynda, şeýle hem Gýumri we Wanadzor şäherlerinde geçiriljek döredijilik forumynyň çäklerinde türkmen artistleriniň çykyşlary, şol sanda türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan konsert guralar. Ýerewanda türkmen amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylar.

Şeýle halkara çäreleriniň geçirilmegi milli medeniýetiň we sungatyň ösmegine, baýlaşmagyna, giňden tejribe alyşmaga, halkymyzyň ruhy mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam berýär.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru