Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-i ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirýär

05:1121.03.2015
0
3352

Türkmenistanyň DIM-i Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi bellenen dabaralar we çäreler Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uly işleri alyp barýar.

Bu Maksatnama ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli forumlary, şol sanda maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary, sergileri, medeni-sport we beýleki çäreleri geçirmegi, şeýle hem tematik neşirleri taýýarlamagy hem çap etmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar toplumyny çykarmagy göz öňünde tutýar. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Ýokary derejedäki Halkara maslahaty we baýramçylyk dabaralary hem şanly senä bagyşlanar.

Bu günki gün türkmen Bitaraplygy sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň hereket edýän esasy şerti şol bir wagtyň özünde-de türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, ýurduň gülläp ösmeginiň kepili bolup çykyş edýär.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň