Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasyndaky ilçisini belledi

03:5521.03.2015
0
2556

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisini bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň Permany bilen Muhammetnyýaz Maşalowa Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Prezidentiň başga bir Permany bilen Muhammetnyýaz Maşalow Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň