Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-nde gepleşikleri geçirdi

03:5121.03.2015
0
3419

Bankyň ýerine ýetiriji direktory Umeş Kumaryň ýolbaşçylygyndaky Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gelejekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda döredilýän maýa goýum şertleri, hususy düzümiň ösüşi, hususy kärhanalara we telekeçilere döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler täze tasamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meselelere taraplar aýratyn üns berdiler.

Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýeti Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady reformalara ýokary baha berdi, hususy telekeçiligi goldamaga gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny mälim etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň