Türkmenistanly okuwçylaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2015” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

0
453
0
0

Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2015” atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilen tapgyrlarynda ýeňiş gazanan gyzjagazlaryň 12-si gatnaşdy.

Bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Onuň birinji şertinde Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan tutumly işleri, mähribam Watanymyzy, bagtly çagalygy hem-de dost doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça milli egin-eşikleri goşgynyň hem-de aýdymyň üsti bilen wasp etdiler. Üçünji şertde bolsa, goşgulary çeper okamakda ýaryşdylar.

Baş baýraga Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Bahargül Ýusupowa mynasyp boldy. Birinji orny Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulbossan Garahanowa, ikinji orny Saýat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Nurana Amanowa we üçünji orny Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Şäperi Toýgulyýewa eýelediler.

Ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyp, oňat çykyş edenleriň hemmesi höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.

“Iň eýjejik gyzjagaz — 2015” atly bäsleşikden biziň portalymyzyň taýýarlan fotoreportajyny synlamagy unutmaň!  

“Iň eýjejik gyzjagaz-2015” atly bäsleşigiň döwlet tapgyryndan fotoreportaž

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru