Aşgabatda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

0
447
0
0

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan guralan türkmen-koreý işewürler maslahaty bolup geçdi. Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyga ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda soňky ýyllarda türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan ösüş derejesine çykandygyny bellenildi. Soňky ýyllarda haryt dolanyşygy boýunça görkezijiniň ABŞ-nyň 200 million dollaryndan 1,9 milliard dollaryna çenli artandygy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Forumda  “LG International Corporation”, “Hyundai Engineering Corp. Ltd”, “Daewoo International Corporation”, SK C&C, DGI (Digital Graphics Incorporation)”, “Global Asia Trading Co.”, KYUNGWON TRADING CO”, SUN WOO Co.Ltd.”, “SN Engineering”, “HSnK Architecture& Engineering”, “HS INTERNATIONAL INC”, “NAE WOI KOREA., LTD” kompaniýalarynyň we beýlekileriň wekilleriniň gatnaşmagy Koreýanyň işewürleriniň türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge yzygiderli artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Işewürler maslahatynyň barşynda myhmanlar  Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Koreýa wekiliýetiniň agzalary öz nobatynda türkmen hyzmatdaşlaryny dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalaryň ykrar edilen liderleri bolup durýan esasy kompaniýalaryň mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan, hususan-da, energetikada, oba hojalygynda, dokma senagatynda we beýleki pudaklarda ýokary tehnologiki önümçilikleri döretmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde bilelikdäki anyk ädimler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň meýilnamalary bellenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru