Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ilçisini kabul etdi

06:5920.03.2015
0
2324

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewelliogluny kabul etdi.

Türkiýeli ilçi döwlet Baştutanyna Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işine beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin sagbolsun aýtdy. Diplomatyň aýdyşy ýaly, Aşgabatda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormat boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türk diplomaty özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.  Şunda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutany we myhman, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen medeni gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti türk diplomatyna döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşan önjeýli goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekde hem işinde üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň