Arhiw

Ahal welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda düýeleriň baş sany artýar

23:1719.03.2015
0
4193

Aşgabat, 19.03.2015. “Türkmenportal”.

Ahal welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary Garagum çölünde 2 müň 358-den gowrak düýeleri ideg edýärler. Olaryň 90 göterimden gowragy sebitiň “Kirpili” iri maldarçylyk hojalygyna degişlidir. Häzirki günde bu fermadaky düýeleriň sany 2 müňden geçýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýylda 500 köşek hojalykdaky mallaryň baş sanyny artdyrar.

Düýedarçylyk Türkmenistanda ir döwürlerden bäri düşewüntli kär hasaplanýar. düýäniň ýüňi, eti, ýagy we çaly-agarany bolsa türkmenistanlylarda we ýurduň myhmanlarynda uly islegden peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň