Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýadaky talyplarymyz dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň wekillerini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy bilen tanyşdyrdylar

14:5219.03.2015
0
3765

PETRONAS (UTP) tehnologik uniwersitetinde guralan talyplar baýramy bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň dogduk Diýarynyň medeni däplerine bagyşlandy. Bu barada www.turkmenistan.ru habar berýär.

Milli talyplar toparlarynyň her biri köpçülige öz milli nyşanlaryny we amaly-haşam sungatynyň önümlerini, şeýle hem halk aýdym-tanslaryndan ybarat çykyşlary hödürledi.

Türkmen talyplarynyň görkezen önümleri we çykyşlary eziz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna, şeýle hem Türkmenistandaky Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň talyplar çäresine degerli goldaw berendigini bellemek gerek.

Türkmen talyplary dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan bolan 3000 myhmany Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň taryhy bilen tanyşdyrdylar. Olaryň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar we tanslar tomaşaçylary biparh goýmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň