Kiýewdäki sergi türkmen bitaraplygynyň medeni ugurlaryndan söhbet açdy

0
455
0
0

Kiýewdäki türkmen diplomatik gullugy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik akademiýasynda özboluşly sergi gurady diýip, www.turkmenistan.ru habar berýär.

Sergi “Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýäde howpsuzlygyň hem durnuklylygyň kepili hökmünde” diýen temada geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata bagyşlandy.

Çäräniň guramaçylary türkmen döwletiniň jemgyýetçilik durmuşyny gurşap alan  parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen häzirki zaman bitaraplygynyň arasyndaky çuň milli medeni däpleriň umumylygyny görkezmäge çalyşdylar.

Sergi türkmen milli medeniýetiniň halkara hyzmatdaşlygy we medeniýetleriň baýlaşmagy üçin açykdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru