Soňky habarlar

Arhiw

„Läle baýramy“ atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

03:2419.03.2015
0
2153

Aşgabat, 18.03.2015. “Türkmenportal”.

Paýtagtymyzdaky  „Gül  zaman“  medeni-dynç  alyş  merkezinde  Türkmenistanyň  Zenanlar  birleşiginiň  Merkezi  Geňeşi  tarapyndan   Nowruz  baýramy  mynasybetli  guralan „Läle  baýramy“  atly  bäsleşigiň  jemleýji  tapgyry  geçirildi.  Milli  bahar  baýramy  mynasybetli  Diýarymyzyň  edara-kärhanalarynda  zähmet  çekýän  zenanlaryň  arasynda  guralýan  ajaýyp  baýram  bolan  Läle  baýramy  bark  urýan  gülälekleriň,  juwanlygyň  hem-de  ýagşy  umytlaryň  baýramydyr.

Bu  bäsleşik  üç  şertden  ybarat  bolup,  onuň  birinji  şertinde   Diýarymyzyň  şäherlerinde  we  welaýatlarynda  dürli  kärhanalarda  zähmet  çekýän  zenanlardan  düzülen  höwesjeň  toparlar,  aýdymçylar,  sazandalar,  gazalçylar  we  şahandaz  gelin-gyzlar  özara  bäsleşdiler.

Bäsleşigiň  ikinji  şertinde  zenanlar  läleleriň,  hüwdüleriň,  monjugatdylaryň,  öleňleriň,  ýareýjanlaryň  dürli  görnüşlerinden  aýal-gyzlar  we  güller  bilen  bagly  aýdymlary  asyl  nusgasynda  hem-de  döwürdeş  şahyrlarymyzyň  döreden  zenan  gözelligi  bilen  bagly  oýlanmalaryny  döwrebap,  çeper  sahnalaşdyrmak  arkaly  ýerine  ýetirdiler.

Üçünji  şertde  bäsleşige  gatnaşyjylar  nusgawy  hem-de  häzirki  zaman  şahyrlarymyzyň  ynsan  kalbynda  zemin  gözelligini  döredýän  läle-reýhanlar  bilen  bagly  goşgularyny,  türkmen  kompozitorlarynyň  döreden  yşky-liriki  aýdymlaryny  ýerine  ýetirdiler.  Aýdymlarda    Watanymyzyň,  tebigat  gözelliklerini  köpçülikleýin,  joşgunly  hem-de  şowhunly  ýerine   ýetirdiler.

Nowruz  baýramy  mynasybetli  guralan Läle  baýramynyň  jemleýji  tapgyrynda  baş  baýrak  Mary  welaýatyndan  gelen  gelin-gyzlaryň  paýyna  düşdi  hem-de  olar Türkmenistanyň  Zenanlar  birleşiginiň  Merkezi  Geňeşi  tarapyndan  3000 manat  möçberinde  pul  baýragy  bilen  sylaglandy.  Birinji  orna  Lebap  welaýatyndan  gelen  topar  mynasyp  boldy  we  olara 2000  manat  pul  baýragy  gowşuryldy. Bäsleşikde  ikinji  orna  Ahal  welaýatyndan  gelen  zenanlar  topary  mynasyp  boldy  hem-de  olara 1000  manat  möçberinde  pul  baýragy  gowşuryldy.  Üçünji  orna  ýurdumyzyň  Balkan  welaýatyndan  gelen  zenanlar  topary  mynasyp  boldy  hem-de  olar  500  manat  möçberinde  pul  baýragyna  eýe  boldular.  Aşgabat  şäherinden  hem-de  Daşoguz  welaýatyndan  gelen  aýal-gyzlar  toparlary  bolsa  höweslendiriji  baýraga  mynasyp  boldular.         

Basleşigiň pursatlarynynyň suratlaryny şu ýerde görüp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň