Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň ýaşuly fotograflarynyň biri Lütfi Özkök 92-nji doglan gününi belledi

23:1718.03.2015
0
2519

Dünýäniň iň ýaşuly fotograflarynyň biri Lüfti Özkök 65 ýyl bäri ýaşap gelýän şäheri Stokgolmda 92-nji doglan gününi belledi.Bu barada “www.sondakika.com” saýty habar berýär.

Asly türkiýeli Lüfti Özkök 1950-nji ýyldan bäri Şwesiýada ýaşaýar we döredýär. Şonuň onuň 92 ýaş toýuna türkiýeli we şwesiýaly döredijilik işgärleriniň birnäçesi gatnaşdy. Olaryň arasynda türkiýeli ýazyjy Demir Özlü, žurnalistler Osman Ikiz blen Metin Altynyşyk, şwesiýaly meşhur şahyr Peter Jurman we beýlekiler gatnaşdy.

Lüfti Özkök Şwesiýada ýaşan ýyllarynyň içinde Nobel baýragyna eýelik eden ýazyjylaryň 40-a golaýynyň portretinden ýörite toplum taýýarlapdyr. Onuň düşüren siratlary “New York Times”, “Newsweek”, “Observer”, “Les Lettres Française”, “L'Express”, “Der Spigel”, “Die Zeit” ýaly gazet-žurnallarda çap edilýär.

Şeýle-de onuň gysga göwrümli filmleri surata düşürmek bilen meşgullanýandygyny, şol filmleriň Şwesiýadaky abraýly kinofestiwallarda baýrak alanlarynyňam bardygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň