Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyş hakynda Permana gol çekdi

0
2040
5
0

Aşgabat, 18.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Resminama çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2015-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmagy göz öňünde tutýar.

Permana laýyklykda, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary 2015-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmak bellenilýär.

Resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, gol çekildi.

Döwlet Baştutanynyň ýörite Buýrugyna laýyklykda, harby düzümleriň ýolbaşçylaryna bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru