Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Ahal” bilen “Erbiliň” arasynda geçiriljek duşuşygy bahreýnli eminler alyp barar

22:3517.03.2015
0
2748

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

18-nji martda Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginiň 3-nji tapgyrynyň duşuşygy geçiriler, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” Yragyň dört gezek çempiony, yklymyň ikinji derejeli şu bäsleşiginiň geçen ýylky finalçysy “Erbili” kabul eder.

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan habar berlişi ýaly, duşuşygy Bahreýnden eminler Jamil Juma Abdulhüseýn Mohamed, Saýid Jalal Mahruf Alawi Mohamed, Ahmed Jaberi Mubarak Raşed alyp barar. Ätiýaçdaky emin — Fera Tawil (Siriýa), Gözegçi emin — Pereýra Walter Edward (Hindistan), duşuşygyň komissary — Kamarudin Bin Sakari (Molaýziýa).

Oýun “Aşgabat” stadionynda 17.00-da başlanar.

Iki tapgyrdan soň “С” toparçasynda 6 utuk bilen “Al-Kadsiýa” öňde barýar. Hersi 3 utuk toplan “Erbil” (Yrak) hem “Istiklol” (Täjigistan) ikinji we üçünji orunlary paýlaşýar. Soňky ýerde barýan “Ahalyň” heniz utugy ýok. Her toparçadan öňdäki iki orunlary eýelän toparlaryň 1/8 finalda ýaryşy dowam etdirjekdigini ýatladýarys.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň