Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge ýardam etjek sergi we maslahat öz işine başlaýar

18:2817.03.2015
0
7985

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün Aşgabatda senagatçylar we telekeçileriň sergisi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahaty öz işine başlaýar. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraýar.

Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň telekeçileri söwda, bilim, hukuk, durmuş hyzmaty we syýahatçylyk ulgamlarynda, gurluşyk, dokma we maldarçylyk pudaklarynda, mebel önümçiliginde, azyk hem-de ýeňil senagatda, çaphana we bezeg işlerinde, halk senetçiliginde hem-de beýleki ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. TSTB-niň agzalary ýurt möçberinde ýaşaýyş-durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde gurluşyk işlerini alyp barýarlar.

Bu sergi we maslahat ýurdumyzda telekeçiligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmäge, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmaga, toplanan tejribäni durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň