Soňky habarlar

Arhiw

AFK Pakistanda geçirilmeli Aziýa çempionatynyň (U-23) saýlama duşuşyklaryny ýatyrdy

12:5117.03.2015
0
2847

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

Aziýanyň futbol konfederasiýasy howpsuzlyk maksatlaryndan Pakistanda “B” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndy toparynyň gatnaşmagyndaky Aziýa çempionatynyň (U-23) saýlama duşuşyklaryny ýatyrmak kararyna geldi diýlip, AFK-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýekşenbe güni Lahoryň günorta böleginde — Ýuhanabatda iki partlama bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, terakt netijesinde 15 adam heläk boldy, 70-si bolsa şikes aldy.

Aziýa çempionaty U-23-iň “B” toparçasyndaky saýlama duşuşyklary 23—31-nji mart aralygynda Pakistanyň Lahor şäherinde geçirilmelidi.

Iordaniýanyň, Kuweýtiň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň we Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň çykyş edýän “B” toparçasyndaky duşuşyklaryň geçiriljek wagty we möhleti goşmaça habar berler diýlip AFK-nyň saýtynda aýdylýar.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň