Türkmen-hytaý maslahatlaşmalary

0
376
0
0

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-hytaý maslahatlaşmalary geçirildi. Hytaý taparynyň wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Gao Ýuýşen ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda strategik hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri, hususan-da, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berýändiklerini bellediler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru