Soňky habarlar

Arhiw

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanda dynç güni 2015-nji ýylyň 22-nji martyndan 23-nji marta çenli geçirildi

06:4617.03.2015
0
5012

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

Milli bahar baýramynyň dynç alyş gününe düşýändigi sebäpli Türkmenistanyň Prezidenti Milli bahar baýramy mynasybetli 2015-nji ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda iki baýramçylyk gününden — 21-nji we 22-nji martdan başga-da, duşenbe güni, ýagny 23-nji mart hem iş güni däl diýlip yglan edildi.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara bu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň