Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

06:2617.03.2015
0
2608

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda welaýat häkimler häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdiler. Häkimler, şeýle-de, köpçülikleýin ýowara görülýän taýýarlyk işleri, Halkara Nowruz baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda aýtdylar. 

Şeýle hem gowaça we beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçildi. 

Milletň Lideri köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýokary guramaçylyk ýagdaýyny üpjün etmek, ekilen baglara göwnejaý ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmagy babatda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tomus paslynyň golaýlap gelýändigini, şoňa görä-de welaýatlarda we Aşgabat şäherinde çagalaryň we ulularyň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işlerini geçirmegi, täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermek boýunça meýilnamalaryň düzülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutany Nowruz baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy. 

Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagty mundan beýläk-de ösdürmek, şäheriň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, şanly senelerimizi mynasyp garşylamak babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada durup geçdi. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna paýtagtymyzda ýakyn wagtlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň görnüşleri hödürlendi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermere beslenýän Aşgabadyň ähli babatda dünýäniň iň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz şäheri abadanlaşdyrmak, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutany geçirilmegi meýilleşdirilýän ählihalk ýowaryna ünsi çekip, bar bolan bag nahallara göwnejaý ideg etmek, bag ekmek üçin bölünip berlen meýdanlary meýilleşdirmek boýunça Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynyň barşynda Milli bahar baýramy mynasybetli 2015-nji ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň