Soňky habarlar

Arhiw

Mark Salka Türkmenistanda diplomatik işine başlady

05:4717.03.2015
0
3028

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

16-njy martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salkadan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen belent halkara abraýyna eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly mertebedigini aýratyn nygtady.

Soňra doly ygtyýarly wekil Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň ähli döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu syýasatyň esasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn esasda hem, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. 

Türkmen-polýak gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda energetika, dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalar beýan edildi.

***

Şol gün Polşa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salka Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Şonda iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alp maslahatlaşyldy. 

Ilçi Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine baryp görer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň