Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň taryhyna we şu gününe bagyşlanan dabara

00:0617.03.2015
0
2315

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

Türk medeniýetleri guramasy Türkiýäniň Şanlýurfa etrabynda “Türkmenler: geçmişden gelejege” atly baýramçylyk çäresini geçirdi. Bu barada www.haberler.com saýty habar berýär.

Nikalar we maslahatlar zalynda geçirilen dabara Türkiýäniň etrap-şäherleriniň ýolbaşçylary, Türk medeniýetleri guramasynyň wekilleri, ylmy işgärler we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Çärede Türk medeniýetleri guramasynyň Şanlýurfa geňeşliginiň ýolbaşçysy Jamil Demir, professor Mustafa Öztürk, dosentler Erkam Goksun, Mustafa Aksoý we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlar türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwrüne bagyşlandy.

Şeýle hem, çykyş edenler baýramçylyk çäresinde gatnaşanlaryň sowallaryna jogap berdiler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň