Türkmen we belarus ýazyjy-şahyrlarylarynyň eserleri çapdan çykdy

00:1616.03.2015
0
9465

Aşgabat, 16.03.2015. “Türkmenportal”.

Belarus Respublikasyndan hoş habar, has dogrusy, täze kitap gelip gowuşdy.

«Mukaddes söýgi» diýen at bilen «Ýürekleriň sazlaşygy» diýen tapgyrda neşir edilen bu kitaba türkmen hem belarus ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirilipdir. Kitap türkmen edebiýatynyň ýakyn dosty Ales Karlýukowiçiň türkmen-belarus edebi gatnaşyklary hakynda giňişleýin makalasy bilen açylýar.

Tanymal belarus şahyry Ales Badak tarapyndan çapa taýýarlanyp, Minskiniň «Zwezda» neşirýatynda capdan çykan bu kitaba biziň ildeşlerimiz, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýewiň, Orazguly Annaýewiň, Hudaýberdi Diwangulyýewiň, ýazyjy-şahyrlar Agageldi Allanazarowyň, Osman Ödäýewiň, Gurbannazar Orazgulyýewiň, Kömek Kulyýewiň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Bibi Orazdurdyýewanyň goşgularydyr hekaýalary girizilipdir.

Bu kitabyň neşir edilmegi hem doganlyk-dostlukdan nyşan bolup, türkmen edebiýatynyň örüsiniň barha giňelýändigini alamatlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň