Türkmenistanly okuwçylaryň Taslama döredijilik bäsleşigi geçirildi

0
2552
11
20

 Aşgabat, 16.03.2015. “Türkmenportal”.

Mekdep okuwçlarynyň arasynda Taslama döredijilik bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. “Türkmenportalyň” habarçysy okuwçylaryň Taslama bäsleşigine hödürlenen işleriň käbiri bilen tanyşdy.

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Gülälek Koýjanowanyň „Bagtyýarlyk döwrüniň şygryýetinde baky Bitaraplygymyzyň şöhlelenmesi“, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Söhbet Döwletow bilen Begenç Şöhradowyň taýýarlan „Elektron resminama dolanyşygy — resminama dolanyşygyny awtomatlaşdyrmak“, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Mähriban Sapargylyjowa bilen Mahym Amangulyýewa hem „Ýerli çig mallardan ekologiki taýdan arassa organomineral dökünleriň alnyş usuly“ atly taslama işleri hakynda gyzykly gürrüň berdiler.

Netijede, ynsanperwerlik ugry boýunça Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Bibijan Hydyrowa, Aşgabat şäheriniň 64-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Esen Hojagulyýew, tebigy ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmämmet Bekdaşow, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdebiniň okuwçylary Mekan Mämmedow, Orazmyrat Rejepmyradow, takyk ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 16-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ysmaýyl Baýyýew, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Muhammet Nepesow dagy öňdäki orunlara mynasyp boldular. Beýleki okuwçylaryň hem birnäçesine degişlilikde dürli dersler boýunça orunlar kesgitlendi.

Bu bäsleşigiň deslapky tapgyry etrap, welaýat derejesinde geçirilip, öz döredijilik işleri bilen aýratyn tapawutlanan okuwçylar döwlet derejesinde geçirilýän Taslama döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru