Aşgabatda Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi

0
505
0
0

Aşgabat, 15.03.2015. “Türkmenportal”.

14-nji martda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi oldy, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, oňa esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer- ministri Abdurahman Mamataliýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet geldi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary duşuşygy açyp, taraplaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa edilmegine we ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini bellediler hem-de toparyň işiniň iki ýurduň arasynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdiler.

Bilelikde işlenip düzülen maksatnamanyň netijeli gepleşigiň ygtybarly esasyna öwrüljekdigi bellenildi. Bu maksatnama hökümetara toparynyň işini, söwda-ykdysady ugurdaky, energetika pulagyndaky we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak  boýunça   anyk tekliplerden ybaratdyr.

Hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy goşuldy, ýangyç-energetika ulgamy, lukmançylyk, oba hojalygy, senagat, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlary we başga-da birnäçe pudaklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Mejlisiň barşynda myhmanlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça halkymyzyň mundae beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Wtse-premýer-ministr Abdyrahman  Mamataliýew Gyrgyz Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ýokary ösüş depginlerine eýe bolýandygyny görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň geografik taýdan ýerleşişini we  üstaşyr-ulag  mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, strategiki ugurlaryň birnäçesi, şol sanda ykdsady we serişdeler babatda örän uly mümkinçiliklere eýe bolup durýan Türkmenistanyň batly depgin bilen ösdürilmegine içgin üns berýän ulgamlary: ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika   boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy çaltlandyrmak babatda oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Gumanitar ugur, ilkinji nobatda bolsa bilim, ýokary tehnologiýalar, ylym we medeniýet boýunça  hyzmatdaşlyk barada aýratyn pikir alşyldy. Galyberse-de, duşuşyga gatnaşyjylar sport we syýahatçylyk boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmelidigini biragyzdan bellediler.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýetiniň türkmen paýtagtyna saparynyň çäklerinde dostlukly iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru