Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly Jordan aslyşyp özüňi çekmekde dünýä rekordyny täzeledi

15:0514.03.2015
0
3365

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

Amerikaly Mark Jordan bir gije-gündiziň dowamynda özüňi çekmekde dünýä rekordyny täzeledi. USA Todaýyň habar berşi ýaly, Karpus-Kristi şäheriniň (Tehas ştaty) 54 ýaşly ýaşaýjysy 4321 gezek özüni çekdi.

Dünýä rekordyny täzelemäge Jordan 4-nji noýabrda synandy, ýöne Ginnesiň rekordlar kitabyna diňe häzir girdi. Amerikaly taýýarlyga bir ýyl sarp etdi.

“Men öz bedeniň we saglygyň üstünde işlemegiň hiç haçan giç däldigini subut etmek isledim” — diýip, ol aýtdy.

Öňki rekorduň 4210 gezek özüňi çekmäge barabar bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň