Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen küştçüleri Wengriýadaky ýaryşda üstünlikli çykyş edýärler

13:3014.03.2015
0
3114

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

Küşt boýunça halkara ussatlary Maksat we Ýusup Atabaýewler şu günler Wengriýada dowam edýän “First Saturday” atly halkara ýaryşynda öňdäki orunlara dalaş edýärler. Bäş tapgyrdan soň, doganlaryň hersiniň 3 utugy bar we olar grossmeýsterler toparçasyna girýän 10 küştçüniň arasynda 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar. Bir aýlawda geçýän ýaryşyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galdy.

Geçen aýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen “Moskow-open” ýaryşynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Orazly Annageldiýew bilen Aýdogdy Atabaýewiň 20 ýaşly şägirdi Maksat Atabaýew halkara grossmeýsteriniň kadasyny doldurdy. Bu indi aprelde Abu-Dabide (BAE) Halkara küşt federasiýasyny (FIDE) kongresinde tassyklanylar.

Ýusup Atabaýew barada aýdylanda bolsa ol halkara grossmeýsterlige barýan ýolda üç balldan birini gazandy. Budapeştdäki ýaryşda onuň öňünde ikinji grossmeýsterlik ballyny gazanmak wezipesi durýar.

Maksatdyr Ýusubyň ýene bir inileri Saparmyrat Atabaýew halkara ussatlarynyň arasynda çykyş edýär. Ol bäş tapgyrdan soň, 3,5 utuk bilen birinji orunda barýar. Bu ýerde hem ýaryşyň tamamlanmasyna 4 tapgyr galdy.

Wengriýanyň paýtagtyndaky “First Saturday” halkara nusgawy küşt ýaryşynyň öňüsyrasynda “Rapid” — çalt oýnadýan küşt boýunça tamamlanan bäsleşikde ildeşlerimiz 2 altyn we 1 kümüş medal gazandylar. Ulularyň arasynda M. Atabaýew altyn, Ý. Atabaýew kümüş, ýetginjekleriň arasynda FIDE-niň 16 ýaşly ussady S. Atabaýew altyn medallara mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň habarlar agentligi (TDH) habar berýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň