Soňky habarlar

Arhiw

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp “tegelek stol” geçirildi

13:1014.03.2015
0
2542

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

Nýu-Ýorkda, Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp “tegelek stol” geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wagtlaýynça Nýu-Ýorkda ýaşaýan raýatlary, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada www.un.org. saýty habar berýär.

Ilçi, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A. Ataýew giriş sözünde Türkmen döwletiniň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda kabul eden Kararyna laýyklykda, şu ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk” ýyly diýlip yglan edilendigini belläp geçdi.

A.Ataýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň fenomeni, onuň türkmen halkynyň taryhy we däpleri bilen baglanyşygy barada gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňüni alyş, ekologiýa we gumanitar ugurlara degişli çäreleri we serişdeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatiýa eýerýän daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

“Tegelek stoluň” barşynda özara pikir alyşmalar geçirildi, 2015-nji ýylyň dowamynda “Bitaraplyk we parahatçylyk” ýylyna bagyşlanyp geçiriljek medeni-köpçülik çärelerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylaryň ählisine “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň” nyşanlaryny we Türkmenistanyň Bitaraplygyna degişli materiallary özünde jemleýän kitapçalar gowşuryldy.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň