Soňky habarlar

Arhiw

14-nji martda Hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň ilkinji mejlisi geçiriler

01:2614.03.2015
0
3374

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

Abdyrahman Mamataliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň ilkinji mejlisi 14-nji martda geçiriler.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde ýangyç-energetika toplumyna, saglygy goraýşa, ylym-bilime, durmuş ösüşi we migrasiýa, oba hojalygyna, ulag we aragatnaşyga, medeniýete, habar berşe, syýahatçylyga, kinemotografiýa degişli meselelere guralar.

Şeýle hem Hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanjak ikinji mejlisiniň geçirilmeli wagty ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň