Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysyny we ylmy toparynyň wekillerini kabul etdi.

23:3213.03.2015
0
5464

Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

13-nji martda Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysyny we ylmy toparynyň wekillerini kabul etdi. Duşuşyk döwlet Baştutanymyzyň kabulhanasy ýerleşen “Metropolitan” myhmanhanasynda geçirildi. Türkmen döwletiniň Baştutany Ýaponiýanyň Sendaý şäherine BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky” III Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşmak üçin geldi.

Hirosaki uniwersitetiniň rektory jenap Kei Sato wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýokary okuw mekdebiniň işgärleriniň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen alymlyk adynyň berilmegi bilen gutlap, bu adyň türkmen Lideriniň we ajaýyp alymyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dünýä ylmyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.

“Biziň uniwersitetimizde muzeý bar, şol ýerde Türkmenistan baradaky kitaplar jemlenendir. Onda Siziň ýurduňyzyň lukmançylygy, ykdysadyýeti, milli mirasy, taryhy we medeniýeti baradaky ylmy işleriňiz möhüm orun eýeleýär. Bu işler dünýäniň dürli dillerine, şol sanda ýapon diline terjime edildi. Olaryň ählisi Hirosaki uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin gymmatly ylmy çeşme bolup durýar” diýip, uniwersitetiň ýolbaşçysy aýtdy.

Döwlet Baştutany özüniň ylmy işine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ýola goýlan, ähli möhüm ugurlar boýunça, şol sanda ylym we bilim ulgamynda okgunly ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gün energiýasyndan peýdalanmak, Garagum çölünde ummasyz gorlary bolan kremniniň esasynda Gün batareýalarynyň önümçiligini ýola goýmak ýaly möhüm ugurlarda ýapon alymlary bilen işi dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem himiýa senagatynda we dökün öndürmekde, ekologiýa ulgamynda ylmy hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde ertir açylýan BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatyna uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu wajyp ugurda alymlaryň bilelikdäki işiniň ornuny nygtady.

Ýaponiýanyň ylym wekilleriniň beýan eden gyzyklanmasyny nazara almak bilen, diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, bütin dünýäde iň abraýly okuw mekdepleriniň biri bolan Hirosaki uniwersitetiniň we Türkmenistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Düýpli we amaly ylymlary ösdürmäge, dürli ulgamlarda ylmyň gazananlaryny ulanmaga ýardam edýän maslahatlaryň çäklerinde bilelikdäki barlaglary hem-de duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň