2015-nji ýylyň 29-njy martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler

0
452
0
0

Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2015-nji ýylyň 29-njy martynda (ýekşenbe) Özbegistan Respublikasynda ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýynça ýaşaýan Özbegistanyň raýatlary 14-nji Daşkent şäher saýlaw okrugyna berkidilen 4-nji daşary ýurt saýlaw uçastogynda ses berip bilerler.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanynda döredilen bu uçastok şu salgyda ýerleşýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi 50 A.

Saýlaw uçastogynyň iş wagty: 2015-nji ýylyň 29-njy marty (ýekşenbe) 6.00-dan 20.00-a çenli.

Saýlawlaryň Döwlet ýazgysyna adyny girizmek bilen bagly meseleleri anyklamak üçin Özbegistan Respublikasynyň raýatlary Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru